(New Ýork) – Adam Hukuklarynyň Gözegçiligi Guramasy (Human Rights Watch - HRW) we Türkmenistanyň Inisiatiwasy Adam Hukuklary Guramasynyň (Turkmenistan Initiative for Human Rights - TIHR) bu gün bilelikde beren beýanatynda, Covid-19 ýokanç keseliň ykdysady zarbalaryna garşy hökümetiň biperwaý çemeleşmeginiň Türkmenistanda owaldan bar bolan azyk gytçylygyny hasam ýitileşdirendigini aýtdy. 2016-njy ýyldan bäri depgini hasam çaltlanan subsidirlenen azyk ýetmezçiligi hasam ýitileşdi: arzan bahadan azyk önümlerini satyn almak isleýän adamlar ençe sagatlap nobata durýarlar we köplenç eli boş yzyna gaýtarylýar.
Türkmenistanyň hökümeti ýurtda garyplygyň bardygyny iňkär edýär we ylaýtada ýokanç kesel döwründe işsizligiň birden ýokarlanmagy sebäpli güzeran ýagdaýy hasam pese gaçan adamlara kömek bermeýär. Adamlara azyk önümleriniň arzan bahadan elýeterliligini ýola goýmak barasynda nähilidir bir ykdysady ýa-da sosial strategiýanyň ýokdugy, ýurtda hökümetiň halky kanagatlanarly ýaşaýyş şertleri hem iýmitleniş haky bilen üpjün etmeklik babatyndaky halkara jogapkärçiligini ýerine ýetirmeýändigini aňladýar.
"Türkmenistanyň hökümeti adamlaryň eşretli durmuşyna däl-de ýurdy gowy görkezmäge synanyşmaga has uly ähmiýet berýär – diýip, HRW-ň Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça başlygynyň orunbasary zenan Reýçel Denwer aýtdy. "Şeýle aýgytlaýjy pursatda kyn ýagdaýdaky mätäçlere kömek bermegiň deregine bu wajyp meselä biperwaý garaýan Türkmenistan iň esasy adam hukuklaryna we şol sanda hem iýmitleniş hukugyna diýseň adamkärçiliksiz gödek çemeleşýär”.
HRW we TIHR, Türkmenistanyň hökümetiniň adamlary iýmit bilen kanagatlanarly derejede üpjün etmek üçin gyssagly çäreleri durmuşa geçilmelidigini aýan etdi. Hökümet şeýle-de ýurtda gyssagly ýagdaýda hojalyklaryň gurplulyk hem azyk howpsuzlygy görkezijilerini garaşsyz görnüşde kesgitleýän derňewiň geçirilmegini ýola goýmalydyr. Soň şol görkezijileri halk köpçüliginiň dykgatyna hödürläp, ol maglumatlaryň jemgyýetiň ähli agzalarynyň elýeterli bahadan kanagatlanarly iýmitlenmegi üçin täsirli ulanylmagyny üpjün etmeli.
Ýurtdaky hökümetiň ýeke-täk ählumumy kömek meýilnamasy subsidirlenen azyk önümleriniň döwlete degişli dükanlarda hödürlenmegini göz öňünde tutýar. Türkmenistanyň islendik raýaty azyk önümlerini döwletiň dükanlaryndan hususy dükanlara garalanda has elýeterli bahadan ýagny bazar bahasyndan satyn alyp bilýär. Ýöne global derejede uglewodorodlaryň bahalarynyň pese gaçyp başlamagynyň Türkmenistanyň döwlet býujetine ýetiren oňaýsyz täsiri bilen 2015-nji we 2016-njy ýyllarda azyk önümleriniň eksporty hem pese gaçdy.
Türkmenistanyň hökümeti dünýädäki iň ýapyk we repressiw režimleriň biri. Režim ýurtda raýatlaryň hereket azatlygyny we özara gatnaşygyny berk gözegçilik astynda tutýar. Köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde senzura bar we režime garşy aýdylan sözler hem tankytlar berk jezalandyrylýar. Döwletiň gözegçiligindäki ýurduň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri gytçylyk barada söz açmaýar. Diňe TIHR we beýleki çeşmeler, şol sanda Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky raýatlary, Amsterdamda ýerleşýän "Türkmen Habarlary“ (Turkmen News) we ABŞ-ň hökümetiniň hemaýat berýän Azatlyk Radiosy munyň barasynda giňişleýin maglumat berýär.
HRW Türkmenistana ýaňy-ýakynda baryp gelen, daşary ýurtlarda ýaşaýan Türkmen raýatlary bilen bu ýagdaý barada gürrüňdeşlik geçirdi. TIHR bolsa ýurduň içindäki köpsanly adamlardan ýagdaýlary anyklady. Olaryň beren gürrüňleri daşary ýurtlardaky media serişdeleriniň maglumatlary bilen doly gabatlaşýar.
"Geçen ýyl bilen deňeşdirilende biziň maşgalamyz has az iýmit iýýär. Munyň sebäbi biziň pulymyz az we azyk önümleriniň bahalary bolsa aşa galdy. Gytçylyk we uzaga çekýän nobatlar zerarly maşgalamyzyň iýmit üpjünçilginde bökdençlikler boldy” – Türkmenistanda sekiz çagasyny ekleýän bir maşgalabaşy 2020-nji ýylyň Iyul aýynda TIHR-e aýtdy.
2019-njy ýylyň noýabr aýynda bir türkmen talyby HRW beren maglumatynda, Türkmenistandaky maşgalasynyň girdejisiniň ýüzden 70-80 göterimini iýmite sowandygyny aýtdy. Hormatly dynç alyşdaky bir zenan bolsa öz maşgalasynyň bar puluny iýmite sowandygyny nygtady. Gürrüňdeşlik geçirilen raýatlar hem subsidirlenen azyk önümlerini satyn almak üçin her gün ençe sagatlap nobata durýandygyny, uzaga çekýän nobatlaryň we olaryň netijesinde-de iýmiti alyp-almajagyň gümana bolmagynyň adamlary çuňňur gaýgy-gussa batyrýandygyny bildirdi.
Türkmenistanyň ýurtduň içindäki azyk önümçiligi halkyň talabynyň bary-ýogy diňe ýüzden 40 göterimini kanagatlandyrýar we galan bölegi bolsa import edilýär. Azyk önümleriniň ýüzden 80 göterimi Eýrandan import edilýär. 2014-nji ýyldan başlap uglewodorodlardan alynýan girdejiniň pese gaçmagy we alynýan hasylyň azalmagy Türkmenistanda iýmit üpjünçiligini çäklendirdi. 2020-nji ýylyň başynda subsidirlenen azyk önümleriniň üpjünçiligi has beter pese gaçdy we munda Eýran bilen bolan serhediň ýapylmagy belli rol oýnady.
Şol bir wagtyň özünde global ykdysadyýetiň pese gaçmagy köpsanly türkmeniň işini ýitirmegine sebäp boldy we şeýlelikde daşary ýurtlardan zähmet migrantlarynyň Türkmenistandaky maşgalalaryna iberýän walýutasy hem azaldy. Ýurtda köpsanly maşgala olaryň daşary ýurtlardan iberýän pullary bilen güzeranyny aýlaýardy. Covid-19 ýokanç keseli sebäpli gatnawyň çäklendirilmegi bolsa Türkmenistandaky raýatlaryň daşary ýurtlara eklenç gözlegine gitmegine mümkinçilik bermedi. Munyň netijesinde döwlet dükanlaryndaky we bazarlardaky azyk önümleriniň bahalary birden aşa ýokarlandy. HRW bilen TIHR geçiren barlaglarynda, şeýle ýagdaýlaryň netijesinde Türkmenistandaky raýatlaryň ýeterlik iýmitlenmegi barasynda gümürtik, näbelli, kemsidiji we köplenç hem aşylmaýan päsgelçiliklere duçar bolandygyny kesgitledi.
Türkmenistanda häkimiýetler ýurduň "beýikligiň we bagtyýarlygyň eýýamyny“ başdan geçirýändigini öňe sürmek bilen halkyň durmuş ýagdaýyny gülala-güllük ýaly görkezmäge synanyşýar. Bu çäkde döwlet gözegçiligindäki köpçülikleýin habar beriş serişdeleri ýygy-ýygydan içi ýörite timarlanyp taýýarlanan azyk önümlerinden doly dükanlary görkezýär. Polisiýa işgärleri dükanlaryň öňündäki nobatlary dargadýar we alyjylary dükanlaryň arkasyndaky ätiýaçlyk gapynyň golaýynda ýagny kän göze ilmeýän çet ýerde durmaga mejbur edýär. Şol bir wagtyň özünde Türkmenistanyň hökümeti mart aýynyň ahyrynda ýerli azyk önümçiligini goldamak we bahalaryň durnuklulygyny goramak komissiýasyny döredip, aýlawly görnüşde ýurtda azyk önümleriniň gytçylygynyň bardygyny boýun aldy. Emma muňa garamazdan tutuş tomus iýmit bahalary ýokarlanmaga dowam etdi.
Türkmenistanyň hökümeti, subsidirlenen azyk önümleriniň elýeterliliginiň hasam kynlaşmagy we iýmit bahalarynyň gymmatlamagy babatynda halkyň pes girdejili ýa-da kömege mätäçlik çekýän gatlaklaryna kömek etmäk üçin hiç hili tagalla etmedi.
19-njy awgustda HRW we TIHR Türkmenistanyň hökümetine hat iberip, ýurdaky garyplyk ýagdaýynyň derejesi, garyplyga garşy göreşmeklik syýasaty we azyk önümleriniň üpjünçiliginiň howpsuzlygy barasynda maglumat berilmegini sorady. Ýöne olar henizem munyň jogabyny alyp bilmedi.
Döwlet tarapyndan ähli raýatlara deň derejede hödürlenýändigi öňe sürülýän azyk önümleri subsidiýalary, ilatyň ykdysady ýagdaýy pes bolan gatlagyna iýmit elýeterliligi mümkinçiligini ýokarlandyryp bilmedi. Aýratynlykda edinilen maglumatlar, köplenç şahsy bähbitli gatnaşyklaryň we peýdakeşleriň azyk önümlerini gaýtadan satmak üçin ummasyz mukdarda satyn almagynyň iýmit elýeterliligine esasy päsgelçiligi döredýändigini görkezýär. Käbir döwlet dükanlary iýmit kömegini alýan raýatlara önünden duýdurman özüniň iş sagadyny çäklendirýär ýa-da müşderileriň subsidirlenen azyk önümleriniň ýany bilen has gymmat iýmitleri hem satyn almagyny talap edýär. Bu bolsa garyp gatlagyň esasy iýmitleri satyn almak mümkinçiligini hasam kynlaşdyrýar. Ýeke ýaşaýan hormatly dynç alyşdakylar, maşgala goldawy bolmaýan beýleki raýatlar uzaga çekýän azyk nobatlarynda garaşyp bilmeýär we şol sebäpden aýratyn kynçylyk çekip biler.
Hökümet raýatlaryň azyk üpjünçiliginiň howpsuzlygyny doly ýola goýmak üçin başgaça ugurlary gözlemelidir – diýip, TIHR we HRW beýanatynda nygtady. Maslahat berilýän başgaça ugurlara: raýatlar hususy dükanlardan ýa-da bazardan azyk önümlerini alyp biler ýaly iýmit petekleriniň paýlanmagy, şonuň ýaly-da gurby çatmaýanlara güzeran aýlara nagt pul kömeginiň berilmegi, yzygiderli ýagdaýda import önümleriň bahalarynyň ýokarlanmagyndan az ýitgi çeker ýaly walýuta satyn almaga ýa-da bolmasa bar bolan walýutasyny arkaýyn satmagyna mümkinçilik döredilmegi, türkmen halkynyň iýmit satyn alma güýjüniň artdyrylmagy, elýeterli azyk önümleriniň üpjünçiligini ýeňilleşdirmek hem ýagdaýlara kybapdaş gerek bolan üýtgeşiklikleri dessine girizmek ýaly çözgütler degişlidir.
“Bu krizis döwründe raýatlaryny goramak üçin syýasat döretmegiň ýerine, hökümetiň hereketleri adamalaryň iýmit elýeterliligi mümkinçiligini hasam hem howp astyna saldy” - diýip, Türkmenistanyň Inisiatiwasy Adam Hukuklary Guramasynyň (TIHR) başlygy Farid Tuhbatullin aýtdy. “Türkmenistan pes girdejili raýatlaryň iş ýagdaýyny we zerurlyklaryny derrew seljermeli, şeýlede azyk kömegini hem gyssagly giňeltmelidir”.