Türkmenistanda adam hukuklarynyň aýylganç ýagdaýy babatynda 2023-nji ýylda gowulyga tarap hiç hili özgerişikler bolmady. Ýurt halkara gözegçiligi üçin ýapyklygyna galýar. Häkimiýetler adamyň esasy hukuklaryna we azatlyklaryna, şol sanda din, hereket, pikir we birleşme azatlyklaryna basyşlaryny dowam etdirýärler. Soňky syýasy özgertmeler diňe awtoritar dolandyryşy çuňlaşdyrdy. Hökümet garyplygy ykrar etmeýär we dowam edip gelýän azyk howpsuzlygy babatynda çäre görmedi.
2022-nji ýylyň dekabrynda häkimiýetler syýasy taýdan galp aýyplamalar bilen tussag edilen birnäçe aktiwisti boşatdy. Emma adalatsyz tussag edilenleriň köpüsi gözenegiň aňyrsynda galýar, şeýle hem mejbury ýitirim edilenleriň onlarçasynyň ykbaly häzire çenli belli bolman galýar. Gynamalar we zorluklar dowam edýär.
Türkmenistan bir jynsdaky uly ýaşlylaryň öz islegi boýunça zyna etmek hereketlerini jenaýat jogapkärçiligine çekmegi dowam etdirýär, şeýle hem aýallaryň we gyzlaryň hukuklary çäklendirilýär.
Mejlis we saýlawlar
Ýanwar aýynda konstitusion reformasy esasynda Türkmenistanyň mejlisi bir palataly edara öwrüldi we ýokary wekilçilikli gurama hökmünde Halk Maslahaty täzeden döredildi. Halk Maslahaty hökümetiň ähli pudaklarynyň wekillerini öz içine alýar, ähli syýasata gözegçilik edýär. Oňa öňki prezident Gurbanguly Berdimuhamedow ýolbaşçylyk edýär.
Mart aýynda Türkmenistanda parlament, şeýle hem ýerli we welaýat geňeşine saýlawlar geçirildi. Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy (ÝHHG) "ses berişlige yzygiderli ýa-da hemmetaraplaýyn gözegçilik etmedi." Azatlyk radiosy saýlaw uçastoklarynda ses bermek hukugynyň bozulandygy barada habar berdi.
Raýat jemgyýeti
Türkmenistanda garaşsyz raýat jemgyýeti ýok diýen ýalydyr. Resmi hasaba alynmadyk hereketler bikanun we hasaba alyş talaplary agyr hasaplanýar. Ýurtda adam hukuklary boýunça garaşsyz guramalar ýok we halkara gözegçiler erkin işläp bilmeýär. Hökümet ähli görnüşdäki başgaça pikirleri we jemgyýetçilik tankytlary jezalandyrmagy dowam etdirýär. Daşary ýurtlarda ýaşaýan aktiwistlere we olaryň Türkmenistandaky garyndaşlaryna hökümet tarapyndan yzygiderli haýbat atylýar we jeza berilýär. Bosgunlykdaky türkmen hukuk goraýjy toparlarynyň maglumatyna görä, 2023-nji ýylda daşary ýurtda ýaşaýan birnäçe aktiwist Türkmenistana deportasiýa edilipdir we ýurda baranlarynda olar dessine tussag edilipdir.
Wenada ýerleşýän Adam hukuklary boýunça Türkmen inisiatiwasy topary (AHTI) howpsuzlyk işgärleri tarapyndan Türkiýeden deportasiýa edilen Döwran Ymamowyň awgust aýynda Aşgabadyň aeroportynda tussag edilendigini habar berdi. Türkmen hökümetini sosial mediada aç-açan tankyt eden we hökümete garşy Türkiýede protestlere gatnaşan Ymamowyň
2023-nji ýylyň sentýabr aýyndaky maglumata görä, galp aýyplamalar esasynda deslapky tussaghanada saklanýandygy habar berildi. Gollandiýada ýerleşýän Turkmen.news habar gullugynyň maglumatyna görä, daşary ýurtda YouTube we TikTok kanallarynyň aktiw blogeriniň dogany Rinat Zainullin fewral aýynda öýünde emele gelen ýangyndan soň agyr ýaralandy.
Ýangyn howpsuzlyk işgärleriniň onuň enesiniň öýüne baryp, agtygynyň ýaşaýan ýeriniň salgysyny sorap gaýdan güni boldy. 2022-nji ýylyň sentýabr aýynda polisiýa Zainullini esassyz tussag edip, ony 20 günläp saklady, ondan doganyna telefon edip, onuň hereketleriniň “dogan-garyndaşlaryna zyýan ýetirýändigini” duýdurmagy talap etdi. Zainullin tussaglykda bolan wagty onuň işleýän edarasy işe gelmändigi üçin ony işinden boşatdy.
2022-nji ýylyň dekabrynda Türkmenistanda howpsuzlyk gulluklary Türkiýede ýaşaýan aktiwist Dursoltan Taganowanyň 12 ýaşly ogluny mekdepde sorag etdiler we oňä “dostlaşmagy” teklip etdiler. Şondan soň mekdep direktorynyň orunbasary, eger ol “diýleni etmese”, oglany polisiýa tabşyrjakdygy bilen haýbat atdy. ABŞ-nyň hökümeti tarapyndan maliýeleşdirilýän Azatlyk Radiosynyň türkmen gullugynyň maglumatyna görä, 2022-nji ýylyň oktýabr aýynda Mary welaýatynda polisiýa Türkiýede ýaşaýan Merdan Ilýasowyň hökümeti onlaýn tankydyna jogap edip, onuň ene-atasyna türme tussaglygy bilen haýbat atdy. 22-nji noýabrda Türk häkimiýetleri THF-iň başlygy Täjigul Begmedowany Türkiýeden deportasiýa etdiler we 12-nji sentýabr senesinde kabul edilen “milli howpsuzlyk” sebäplere görä diýlen bäş ýyl möhlet bilen giriş gadaganlygyna salgylandylar.
Metbugat we maglumat azatlygy
Türkmenistanda metbugat azatlygy ýok. Internete girmek örän çäkli bolmagynda galýar. Aprel aýynda Turkmen.news gullugy Türkmenistanda global IP salgylarynyň dörtden üç böleginiň petiklenendigini habar berdi we IP salgylaryna girmek üçin çäklendirilmedik internet hyzmatyny satýan howpsuzlyk gulluklaryny paş etdi.
Häkimiýetler il arasynda meşhur messenjerleri petikleýärler. 2023-nji ýylda ICQ petiklendi we IMO bölekleýin petiklendi.
Türkmen häkimiýetleri hususy torlary (VPN-i) ulanýanlary we VPN bilen üpjün edýänleri yzarlamalaryny güýçlendirdiler we VPN saýtlary petiklediler. 2022-nji ýylyň noýabr aýynda Azatlyk radiosy Türkmenbaşy şäheriniň häkimiýetleriniň VPN-i ulanýanlykda we ony üpjün edýänlikde güman edilýänleriň öýlerine we iş ýerlerine reýd geçirendiklerini, olara
duýduryş berendiklerini we käbirleriniň 15 güne çenli tussag edilendiklerini habar berdi.
Ýanwar aýynda Balkan welaýatynyň howpsuzlyk işgärleri VPN gurnaýjylaryň öýlerine reýd geçirdiler, 10 adamy tussag etdiler we jerime saldylar. Oktýabr aýynda häkimiýetler Aşgabatda VPN gurnaýjylary tussag etdiler we olaryň käbirlerini 15 güne çenli tussaglykda sakladylar; olaryň azyndan birine 15 000 manat (takmynan 4,285 amerikan dollary) möçberinde jerime salyndy. Türkmen kanuny VPN-leri bikanun hasap etmese-de, “tassyklanmadyk” şifrleme programmalary gadagan edýär we “tehniki programmalar bilen üpjün edýän bilkastlaýyn bikanun onlaýn hyzmatlary bermekde” aýyplanyp, ýedi ýyla çenli azatlykdan mahrum edýär. Iýun aýynda Azatlyk radiosy polisiýanyň ýerli blogçylary sorag edendigini we olara Türkmenistan barada diňe pozitiw mazmunly maglumatlary ulanmalydygyny, bolmasa tussag ediljekdikleri barada duýduryş berendigini habar berdi.
Ykdysady, durmuş we medeni hukuklar
Ygtybarly hökümet maglumatlarynyň ýoklugy sebäpli Bütindünýä banky Türkmenistan barada möhüm ykdysady maglumatlary çap etmeýär, garyplyk we azyk howpsuzlygy baradaky statistikaygtybarsyz ýa-da olar düýbünden ýok hasaplanýar.
Garaşsyz maglumatlara görä, subsidirlenen esasy azyk önümleriniň ýetmezçiligi dowam etdi, şol bir wagtda bahalar ýokarlanmagyny dowam etdirdi; hökümet bolsa artýan garyplygy ýerlikli çözmekde şowsuzlyga uçrady.
Azatlyk radiosy subsidirlenen çörek we un ýetmezçiligi sebäpli Türkmen raýatlarynyň norma bilen satylýan iýmit önümlerini almak üçin uzyn nobatlara çydamaly bolýandyklarynyrlaryny, köplenç azyklaryň pes hillidigini ýa-da möhleti geçendigini habar berdi. Ýeňillikli önümleriň uzak wagtlap bolmazlygy käbir seýrek ýagdaýda garşylyklara sebäp boldy we kähalatlarda zorluklaryň ýüze çykmagyna getirdi. Maý we aprel aýlarynda bu ýagdaý Daşoguz welaýatynda, awgust we iýun aýlarynda bolsa Türkmenbaşyda ýüze çykdy.
Türkmenistanyň pagta meýdanlarynda sistemalaýyn mejbury zähmet giňden ýaýrandyr. Häkimiýetler döwlet işgärlerini pagta ýygmaga mejbur etmek bilen, boýun bolmadyklara işden boşatmak bilen haýbat atýarlar.
Hereket azatlygy
Türkmenistanyň hökümeti raýatlarynyň hereket azatlygy hukugyna päsgel bermegini we ony esassyz inkär etmegini dowam etdirýär. Resmiler düşündiriş bermezden yzygiderli adamlary halkara uçuşlardan saklaýarlar. Olar konsullyk hyzmatlary arkaly daşary ýurtlarda ýaşaýan türkmen raýatlarynyň pasportlaryny täzelemegi inkär etmeklerini dowam etdirýärler.
Türkmen häkimiýetleri pasportlary täzelemek we daşary ýurt wizalaryny almak üçin dürli administratiw päsgelçilikleri girizdi. 2023-nji ýylyň fewralynda dürli bahanalar bilen olar pasport hyzmatlaryny wagtlaýyn togtatdylar; Gazagystana barýan syýahatçylardan gaýdyp geljekdiklerini kepillendirýän, garyndaşlary tarapyndan kepillendiriş edarasynda tassyklanan hatlary talap etdi; beýlekilerden bolsa daşary ýurtlarda aktiw hereketlerden saklanmak barada beýanatlara gol çekmekligi talap etdi.
Häkimiýetler ýurist Pygambergeldi Allaberdýewe bäş ýyllyk syýahat gadaganlygyny girizdi; Ol galp aýyplamalar bilen 2020-nji ýylda alty ýyl azatlykdan mahrum edildi we 2022-nji ýylyň dekabrynda prezidentiň günä geçiş permany esasynda tussaglykdan boşadyldy. 18-nji noýabrda Aşgabadyň aeroportynda uzak wagtlap we masgaraçylykly ýagdaýda howpsuzlyk barlagyndan geçirip, serhet gullukçylary garaşsyz žurnalist Soltan Açilowanyň we onuň gyzynyň pasportlaryna zeper ýetirilipdir diýlen ýalan beýanat bilen Ženewada hukuk goraýjylaryň hormatyna gurnalan çärelere gatnaşmaklaryna ýol bermän, olary uçardan alyp galdylar.
Syýasy tussaglar, zor bilen ýitirim edilmeler, we gynamalar
2022-nji ýylyň dekabrynda häkimiýetler Hursanaý Ismatullaýewany we Serýoža Babanyýazowy prezidentiň günä geçiş permany esasynda azatlyga goýberdiler. Olaryň ikisi hem 2021-nji ýylda syýasy sebäplere görä galp aýyplamalar bilen tussag edilipdi. Ýöne bular ýaly aýyplama bilen tussag edilen beýleki bendiler türmede galýarlar. Hasabatyň ýazylýan döwründe olaryň arasynda Nurgeldi Halykow, Mansur Mingelow, Myrat Öwezow we Myrat Düşemow
dagy bar. Mart aýynda hökümet Birleşen Milletler Guramasynyň Ynsan Hukuklary Komiteti bilen habarlaşyp, “Nurgeldi Halikowyň, Myrat Duşemowyň we Mansur Mingelowyň azat edilmek meselesine garalyandygyny” mälim etdi.
Syýasy sebäplere görä 11 ýyl azatlykdan mahrum edilen syýasy dissident Gulgeldi Annaniýazowyň tussag möhleti 2019-njy ýylda tamamlandy, ýöne ol bäş ýyllyk mejbury içerki sürgün möhletini dowam etdirýär.
Iki onýyllykdan gowrak wagt bäri onlarça adam zor bilen ýitirim edilmeleriň pidasy bolmagynda galýar. Häkimiýetler olaryň öz maşgalalary, aklawçylary we daşky dünýä bilen habarlaşmaklaryna ýol bermeýärler. “Diridigini subut et!” kampaniýasy, 2013-nji ýyldan bäri Türkmenistanda zor bilen ýitirim edilmeleri bes etmek boýunça iş alyp baran halkara koalisiýasy azyndan 162 adamyň turkmen türmelerinde ýitirim bolandygy, olaryň 97-siniň çözgütsiz galýandygy, şol sanda 33 adamyň türme möhletiniň 2022-nji ýylyň ahyrynda gutarandygy, ýöne olaryň ykbalynyň we nirededikleriniň mälim däldigi barada resmi maglumat taýýarlady.
Dinazatlygy
Türkmen häkimiýetleri resmi hasaba alnan dini toparlara berk gözegçilik edýär we hasaba alynmadyk jemgyýetleri we toparlary gadagan edýär. Döwlet tarapyndan tassyklanan dinlerden daşky dini işler bilen meşgullanýar diýlip hasaplanýanlar agyr jezalandyrylýar we uzak möhletli türme tussaglygyna höküm edilýär.
Türkmen Helsinki fondunyň (THF) habaryna görä, awgust aýynda türkmen resmileri Aşyrbaý Bekiýewi Russiýadan deportasiýa edeninden soň, Aşgabadyň aeroportynda tussag etdi Türkmenistan ilkibaşda 2015-nji ýylda milli we dini ýigrenji öjükdirmek boýunça galp aýyplama esasynda onuň ekstradisiýa edilmegini talap etdi. Oktýabr aýynda Daşoguzyň kazyýeti Bekiýewi galp “dini ekstremizm” aýyplamalary bilen 23 ýyl türme tussaglygyna höküm etdi.
Azatlyk radiosy awgust aýynda Balkan welaýatynyň polisiýasynyň musulman dindarlarynyň öýlerine reýd geçirendigini we dini edebiýatlary ellerinden alandygyny habar berdi. Mart aýynda Balkan welaýatynda polisiýa hijap geýýän aýal-gyzlary sorag etdi.
Şeýle hem, din azatlygy boýunça garaşsyz Forum 18 toparyň maglumatyna görä, mart aýynda howpsuzlyk işgärleri Mary şäherinde bir adamy yslam dini adatlaryny hödürlani sebäpli birnäçe gezek çagyryp, ony sorag etdiler. Şeýle hem Forum 18 awgust aýynda howpsuzlyk gulluklarynyň Balkan welaýatynda çagalara yslam dini barada döwlet tarapyndan tassyklanmadyk sapaklary okadanlygy üçin bir ymamy tussag edendiklerini habar berdi.
2022-nji ýylyň oktýabr we noýabr aýlarynda Aşgabadyň polisiýasy radikal yslamyň tarapdarydygyna güman edilen sakgally ýaş ýigitleri saklap, olardan sakgallaryny syrmagy talap etdi we boýun bolmadyklara jenaýat jogapkärçiligine çekmek barada haýbat atdy.
Aýallaryň we gyzlaryň hukuklary
2022-nji ýylda bäş hepdelik göwrelilikden soň aborty gadagan edýän we 2015-nji ýylda tassyklanandygy aýdylýan kanunyň köpçülige elýeterli edilendigi habar berildi. Faktlara esaslanyp jemgyýetçilik saglygy barada türkmen dilinde maglumat berýän Saglyk.org saýtynyň maglumatyna görä, abort etmeklik gaty köp ýazgarylýar we jynsy gatnaşyk barada giňişleýin bilim berilmeýär. 2021-nji ýylda BMG-niň Ilat gaznasy (BMGIG) aýallaryň we gyzlaryň takmynan 60 göteriminiň saglygy goraýyş we göwreliligiň öňüni alyş çäreleri barada karar bermek ýaly beden özbaşdaklygyny inkär edendigini habar berdi. Birnäçe çeşme häkimiýetleriň 40 ýaşa ýetmedik ýeke aýallaryň daşary ýurda syýahat etmeklerine päsgelçilik döretmek boýuinça tagallalary barada maglumat berdi.
Esasy halkara şahslar
Adam hukuklary boýunça Ýewropa Bileleşiginiň ýörite wekili Eamon Gilmore we Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili Terhi Hakala aprel aýynda Türkmenistana sapar etdiler. Olaryň resmiler bilen duşuşyp, aýallaryň hukuklary, garaşsyz raýat jemgyýetiniň ähmiýeti we hökümetiň BMG-niň adam hukuklary boýunça mehanizmi bilen hyzmatdaşlygnyň ýokdugy barada pikir alyşandyklary aýdylýar. 2022-nji ýylyň noýabr aýynda Türkmenistan bilen her ýyl geçirilýän adam hukuklary boýunça gepleşikleriniň dowamynda Ýewropa Bileleşigi azatlyklary çäklendirmek ýaly birnäçe meseläni gozgady, şol sanda ýygnanyşmak, birleşmek, pikir azatlyklary, şeýle hem gynamalar we zor bilen ýitirim edilmek meselesine we birnäçe aýratyn ýagdaýlara ünsi çekdi. Adam hukuklarynyň ýaramazlygy sebäpli Ýewropa Bileleşigi Türkmenistan bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk boýunça şertnamasyny entek tassyklamady.
Sentýabr aýynda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň prezidenti Jo Baýden prezident Berdimuhamedow bilen Nýu-Yorkda BMG-niň Baş Assambleýasynyň açylyş mejlisiniň çäginde Merkezi Aziýanyň hemme bäş hökümet ýolbaşçylarynyň arasynda geçirilen sammitinde duşuşdy.
Iýul aýynda Türkmenistana eden sapary wagtynda, ÝHHG-nyň metbugat azatlygy boýunça wekiliTereza Ribeiro žurnalistleriň howpsuzlygy we “maglumat azatlygynyň çäklendirilýändigi” barada alada bildirdi, şol sanda onlaýn maglumatlaryň hem çäklendirilýändigini belläp, Türkmenistany ÝHHG-nyň media azatlygy boýunça borçnamalara boýun bolmaklyga çagyrdy.
Aprel aýynda BMG-nyň adam hukuklary boýunça komiteti we awgust aýynda BMG-nyň jyns taýdan kemsitmäni ýok etmek babatda komiteti Türkmenistanda adam hukuklarynyň ýagdaýy barada alada bildirdiler, şol sanda media we raýat jemgyýetine çäklendirmelere we
birleşme, din we hereket azatlyklaryň bozulmagyna üns çekildi. Şeýle-de, adam hukuklary boýunça komitet zor bilen ýitirim edilmeler barada alada bildirip, aýratyn hem Halykowyň, Duşemowyň we Mingelowyň boşadylmaklaryna çagyryş etdi, hem-de Türkmen raýatlaryna wiza talaplaryny girizmek barada Türkmenistanyň Türkiýä haýyşyny sorag astyna aldy.
Noýabr aýynda BMG-nyň Adam hukuklary boýunça geňeşinde Türkmenistanyň Ähliumumy döwürleýin syny wagtynda birnäçe delegasiýa Türkmenistany zor bilen ýitirim edilmek, gynamak we esassyz saklamak we tussag etmek ýaly meseleleri çözmäge; garaşsyz raýat jemgyýetini we maglumat elýeterliligini üpjün etmäge; we jynsy esasdaky ähli bidüzgünçilikleri jenaýat jogapkärçiligine çekmäge çagyrdy.